Turkmenportal logo
21.05.26
61186118
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BSG-niň eksperti Türkmenistanda saparda boldy

Bütindünýä Söwda Guramasynyň Sekretariatynyň Goşulyşlar bölüminiň Maýka Oşikawadan we Anna Warýanikden ybarat wekiller topary Aşgabada bolan üç günlük saparyny tamamlady. Sapar 19 — 21-nji maý aralygynda iş wekilçiligini amala aşyrdy we ol Türkmenistanyň BSS-na girmegi baradaky işini öňe sürmegiň amaly ädimlerine bagyşlandy.

Saparyň dowamynda wekiller topary Türkmenistanyň daşary işler ministri hem-de maliýe we ykdysadyýet ministri bilen gepleşikleri geçirdi. Wekiller Goşulmak meseleleri boýunça pudagara utgaşdyryjy toparyň agzalary, şeýle hem mümkin bolan tehniki kömek babatda ösüş boýunça hyzmatdaşlar we donorlar bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň esasy mowzugy Türkmenistanyň daşary söwda düzgünleri baradaky Ähtnamany taýýarlamakdan ybarat boldy, ony ýakyn wagtda BSG-niň Sekretariatyna ibermek meýilleşdirilýär. Maýka Oşikawa resminamanyň hiline ýokary baha berip, özüniň goşulmak boýunça 20-den gowrak işi öz içine alýan tejribesinde beýle ýokary derejede işlenip taýýarlanylan Ähtnama duş gelmändigini mälim etdi. Resminama Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň utgaşdyrmagynda hem-de degişli edaralar bilen özara hyzmatdaşlykda taýýarlanyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň milli kanunçylygyny BSG-niň kadalaryna laýyk getirmek boýunça edýän tagallalary — hususan-da, bäsdeşlik, söwda gorag çäreleri, standartlaşdyrmak we tehniki taýdan düzgünleşdiriş ulgamyndaky kanun taslamalarynyň taýýarlanmagy bellenilip geçildi.