Türkmenistanyň ilçisi Esen Aýdogdyýew Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynda ABŞ-nyň senatory Stiw Deýns bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy dialogy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, energetikany we sebitara baglanyşygy öz içine alýan ikiçäk türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar «C5+1» formatynyň ähmiýetini hem bellediler, bu barada Türkmenistanyň ilçihanasynyň sosial sahypasynda habar berilýär.
Duşuşyk türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň işjeňleşýän döwründe amala aşyryldy. 2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Stiw Deýns Türkmenistana sapar edip, ýurduň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilipdi. Şol duşuşygyň dowamynda myhman ABŞ-nyň bitarap Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu gepleşikleriň döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.