«Education World Forum 2026» forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilimiň hilini ýokarlandyrmak, elýeterliligi giňeltmek, mugallymlary goldamak we bilimde deň mümkinçilikleri üpjün etmek üçin bilim tehnologiýalarynyň ulanylyşyna bagyşlanan «Harnessing education technology to improve quality and access» atly ugurdaş mejlisde çykyş etdi.
Çykyşda Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky sanly özgertmeler, bilimiň hilini ýokarlandyrmak we adam maýasyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler tanyşdyryldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilmegine görä, çykyşda Türkmenistanyň sanly bilim arhitekturasyny ösdürilişine aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylara okuwçylaryň gatnaşygyny, ýetişigini, okuw ýüküni, okatmagyň depginini, şahsy ugrukdyrmalary we beýlekileri seljermäge mümkinçilik berýän «e-mekdep», «men talyp», «EMIS» platformalaryny we seljeriş gurallaryny ulanmagyň çemeleşmeleri görkezildi.
Türkmen tarapy bilim ulgamynyň bilimler ykdysadyýetiniň esasy infrastrukturasy hökmünde möhüm orna eýedigini nygtady. Bu babatda sanly gurallar diňe bir mekdepleri we ýokary okuw mekdeplerini dolandyrmak üçin däl-de, eýsem, bilimi zähmet bazary bilen baglanyşdyrmak, hünärmen zerurlygyny çaklamak, geljegiň hünärleriniň Atlasyny kemala getirmek we raýatyň bitewi bilim binýadyny ösdürmek üçin hem ulanylýar.
Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň tejribesine uly gyzyklanma bildirdiler we görkezilen çemeleşmäniň bilimde tehnologiýalaryň ornuna ulgamlaýyn düşünmegi şöhlelendirýändigini belläp, ony ýokary bahalandyrdylar.