Ugandanyň Saglygy goraýyş ministrligi salamlaşyk wagtynda el gysmagy we beýleki fiziki gatnaşyklaryň görnüşlerini wagtlaýynça gadagan edendigini mälim etdi. Bu çäre ýurtda Ebola wirusy bilen baglanyşykly iki ýagdaýyň tassyklanmagyndan soň girizildi.
Saglygy goraýyş ministrliginiň hemişelik sekretary Diana Atwiniň sözlerine görä, bu çäklendirme adamlaryň arasyndaky fiziki gatnaşyklary azaltmaga hem-de wirusuň mundan beýläk ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilendir.
Bu barada Nile Post neşiri ministrligiň wekiline salgylanmak bilen, habar berdi.