Turkmenportal logo
20.05.26
88728872
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BSG: Dünýä söwdasy soňky 80 ýylda iň uly sarsgyny başdan geçirýär
Surat: belta.by

Dünýäniň söwda ulgamy ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň edarasynyň, beýleki birnäçe ýurtlaryň girizen gümrük çäreleri hem-de Ormuz bogazynyň ýapylmagy sebäpli soňky 80 ýyldaky iň çynlakaý sarsgynlary başdan geçirýär. Bu barada Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala «NHK» teleýaýlymy bilen söhbetdeşlikde habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Ýolbaşçy Ormuz bogazynyň ýapylmagynyň netijeleri boýunça aýratyn ynjalyksyzlanma bildirdi. «Bu dünýä söwdasyna örän güýçli täsir edýär. Dünýä energiýa göterijileriniň bäşden bir bölegi bu bogazyň üstünden geçýär, ol aýratyn hem Gündogar Aziýa üçin wajyp bolup durýar» diýip, Ngozi Okonjo-Iweala nygtady. Ol ählumumy söwdanyň häzirki ýüzbe-ýüz bolan sarsgynynyň BSG ulgamynyň özgerdilmändigi hem-de üýtgeşmelere uýgunlaşmaga ukypsyzdygy bilen baglydygyny aýtdy.