Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň medeniýet öýünde Türkmenistanyň at gazanan artisti Nabat Nurmuhammedowanyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
«Ýüreklere ýol salan bagşy» atly dabarada çykyş edenler Sahy bagşynyň görnükli şägirtleriniň biri bolan Nabat Nurmuhammedowanyň ömri we döredijilik ýoly, türkmen aýdym-saz sungatynyň altyn gaznasynyň baýlaşmagyna goşan goşandy, şeýle-de ýetişdiren şägirtleri barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Çykyşlarda Nabat Nurmuhammedowanyň zehininiň ir ýüze çykandygy, 16 ýaşyndaka Döwlet filarmoniýasyna çagyrylyp, sungatyň ilkinji basgançaklaryndan kämillige ýetendigi, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe bolsa aýdym-saz toparynyň düzüminde harby bölümlerde we söweş meýdanlarynda çykyş edip, Watan goragçylaryna ruhy lezzet paýlandygy aýratyn bellenildi.
Ussadyň şägirdi, Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewanyň we beýleki zehinli aýdymçylaryň ýerine ýetiren «Galmanam», «Tüni derýa», «Zülpüň seniň», «Çykdym güller», «Ne bag duýdy, ne bagban», «Gözliniň» ýaly türkmen halk aýdymlary gyzgyn garşylanyp, özboluşly ruhubelentlik döretdi.