Turkmenportal logo
Düýn 09:33
48484848
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň küştçüleri Astanada geçirilen türki döwletleriň ýaryşlarynda 4 medal gazandy

Türkmenistanyň küşt boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri 14–17-nji maý aralygynda Astanada geçirilen erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçirilen ilkinji türki döwletleriň toparlaýyn çempionatynda (Turkic Teams Chess Championships 2026) hem-de 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň türki döwletleriniň küşt olimpiadasynda (Turkic Youth U16 Chess Olympiad 2026) jemi 4 medal gazandylar.

Ýaryşlara 7 milli ýygyndy topar: Azerbaýjanyň, Gazagystanyň (meýdança eýesi hökmünde her ýaryşa iki topar bilen), Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň ýygyndylary gatnaşdy. Her toparyň düzümine 4 oýunçy, 1 ätiýaçdaky oýunçy we kapitan girdi. Wagt gözegçiligi «täze klassika» görnüşinde — 45+30 (her döw üçin 45 minut we her göçümden soň goşmaça 30 sekunt) boldy.

Erkekleriň arasyndaky ýaryşda 13 grossmeýster we 18 halkara ussady çykyş etdi. Türkmenistanyň ýygyndysynyň öňdebaryjylary grossmeýsterler Saparmyrat Atabaýew (FIDE reýtingi — 2471) we Meýlis Annaberdiýew (FIDE reýtingi — 2425) boldular. Ýaryşyň netijeleri boýunça erkekleriň arasynda birinji we ikinji orunlary Gazagystanyň toparlary eýeledi, üçünji orun bolsa Azerbaýjanyň ýygyndysyna nesip etdi.

Saparmyrat Atabaýew birinji tagtada 3-nji orny eýeledi.

Zenan toparlarynyň arasyndaky bäsleşikde Azerbaýjanyň topary birinji orny saklap galdy. Türkmenistanyň gyzlar ýygyndysy 6 utuk toplap, hormatly 5-nji orny eýeledi.

Şeýle-de Läle Şöhradowa (Türkmenistan) birinji tagtada 3-nji orny eýeledi.

Jahan Rejepowa (Türkmenistan) üçünji tagtada 2-nji orna mynasyp boldy.

Ýetginjekleriň ýaryşynda türkmen küştçüsi Dilber Hupbyýewa dördünji tagtada üstünlikli çykyş edip, 3-nji orny eýeledi.

Ýaryşlaryň guramaçylary hökmünde FIDE, Gazagystan Respublikasynyň Syýahatçylyk we sport ministrligi, Gazagystanyň Küşt federasiýasy (Kazchess), Gazagystanyň milli sport uniwersiteti hem-de Astana şäher häkimligi çykyş etdiler. Baş hyzmatdaş — Freedom Holding Corp.

Şeýle hem bu ýaryşlaryň çäklerinde Türk Küşt assosiasiýasyny (TCA) döretmek boýunça işleriň jemleýji tapgyry dowam etdirildi. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýew TCA-nyň strategik ösüşine bagyşlanan iş duşuşyklaryna we ara alyp maslahatlaşmalara işjeň gatnaşdy. Ýatladyp geçsek, Türkmenistanyň Küşt federasiýasy Gazagystanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň milli federasiýalary bilen bilelikde geçen ýylyň oktýabr aýynda Türk Küşt assosiasiýasyny (TCA) döretmek baradaky ähtnama gol çekipdi.