Turkmenportal logo
19.05.26
1125211252
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Londonda hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe duşuşyk geçirdi

Londonda 17-nji maýdan 21-nji maý aralygynda geçirilýän Bütindünýä bilim forumynyň (Education World Forum 2026) çäklerinde, Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

​Hususan-da, «Classera» kompaniýasynyň wekilleri bilen bolan duşuşykda taraplar emeli aň esasyndaky sanly çözgütler, analitiki gurallar we bilim maglumatlaryny integrasiýa edip, şahsy okuw ýollaryny döretmek, mugallymlary goldamak boýunça kiçi göwrümli synag taslamasynyň formatyna seretmegi ylalaşdylar. «ClassLink» bilen bolsa bilim maglumatlaryny birleşdirmegiň, sanly serişdelere elýeterliligi dolandyrmagyň, bilim platformalarynyň ulanylyş seljermesiniň hem-de mekdepler we bilimi dolandyryş edaralary üçin dolandyryş panellerini kemala getirmegiň çäreleri ara alnyp maslahatlaşyldy. «Times Higher Education» bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birini synag hökmünde saýlap almak mümkinçiligini gürleşdiler, bu meýilnama okuw mekdebiniň halkara bäsdeşlige ukyplylygyny ulgamlaýyn ýokarlandyrmaga we onuň iň abraýly dünýä reýtinglerine tapgyrma-tapgyr goşulmagyna gönükdiriler. «Pearson» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde sertifikatlaşdyryş merkezlerini döretmek, halkara derejede ykrar edilen hünär kämilligini ornaşdyrmak hem-de hünär synaglaryna we sertifikatlaşdyryş maksatnamalaryna durnukly elýeterlilik modelini emele getirmek meselelerine garaldy.

​Mundan başga-da, «Educational Testing Service» (ETS) wekilleri bilen duşuşykda bilim ölçegleri ulgamyndaky halkara tejribe ara alnyp maslahatlaşylan bolsa, «Project Management Institute» bilen geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanda bilim özgertmelerini we sanly taslamalary dolandyrmak boýunça tanyşdyryş maslahatyny geçirmek baradaky teklibe seredildi. «Matific» kompaniýasy bilen bolsa okuwçylaryň matematika taýýarlygyny anyklamaga we goldamaga gönükdirilen kiçi göwrümli synag taslamasynyň mümkinçiligi maslahatlaşyldy. «British Council» bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde bolsa Merkezi Aziýada iňlis dilini öwrenmegi çaltlandyrmaga gönükdirilen AELLCA (Accelerating English Language Learning in Central Asia) taslamasynyň netijelerine we geljekki mümkinçiliklerine seredildi.

​Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Beýik Britaniýanyň Bilim işleri boýunça Döwlet sekretary, Zenanlar we deňhukuklylyk işleri boýunça ministri Brijit Fillipson bilen duşuşdy we söhbetdeşligiň dowamynda bilim ulgamyndaky türkmen-britan hyzmatdaşlygyny has-da berkitmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.