Turkmenportal logo
Şu gün 11:32
59075907
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň parlament agzalarynyň V forumy öz işine başlady

Şu gün Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýewraziya toparynyň agza döwletleriniň Parlament agzalarynyň V forumy öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.

Bu halkara çäre Ýewraziýa toparynyň 44-nji umumy mejlisiniň çäklerinde geçirilýär. Bu forum jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşmekde kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň özboluşly meýdança bolup durýar.

Şeýle çäräniň geçirilmegi parlament wekilleriniň halkara kadalar we häzirki zaman wehimleri barada bilimini artdyrmakda hem-de bu ugurdaky kanunçylygy kämilleşdirmek babatda tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýedir.