Turkmenportal logo
Şu gün 10:38
31553155
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şu hepde Türkmenistanda ýagyş ýagmagyna we Lebapda temperaturanyň 40 gradusa ýetmegine garaşylýar

Şu hepde Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly, ýagyşly howa garaşylýar. Hepde boýunça Türkmenistanda ýagynlaryň mukdarynyň 0,1–12,0 mm çenli bolmagyna garaşylýar.

Şunuň bilen birlikde, ýurduň ähli çäklerinde gündizine yssy howa saklanar, Lebap welaýatynda bolsa yssylygyň derejesi +40 gradusa çenli ýeter. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtyndaky howa maglumatynda habar berilýär.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 11 — 13-den 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +15... +17°С-dan +20... +22°С aralygynda maýyl, gündizlerine +25... +27°С-dan +31... +33°С aralygynda maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14-den 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +17°С-dan +18... +23°С aralygynda maýyl, gündizlerine +27... +32°С, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +22... +27°С maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9 — 14-den 15 — 20 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +13... +18°С-dan +18... +23°С aralygynda maýyl, gündizlerine +24... +29°С-dan +31... +36°С aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9 — 14-den 17 — 22 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +13... +18°С-dan +19... +24°С aralygynda maýyl, gündizlerine +25... +30°С maýyldan +32... +37°С aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9 — 14-den 16 _ 21 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +14... +19°С-dan +20... +25°С aralygynda maýyl, gündizlerine +25... +30°С maýyldan +35... +40°С aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13-den 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +17°С-dan +17... +22°С aralygynda maýyl, gündizlerine +24... +29°С-dan +29... +34°С aralygynda maýyl bolar.