Turkmenportal logo
Şu gün 09:18
44234423
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy

17-18-nji maýda Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanda bellenip geçilen milli baýramy — Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, şäheriň belli nyşanlarynyň birinde baýramçylyk çyralary bilen yşyklandyrylmagy milli baýramçylyklaryň ähmiýetini, şeýle hem taryhy däp-dessurlaryna we döwlet gymmatlyklaryna bolan sarpasyny aňladýar.

Bu simwoliki çäre iki halkyň arasyndaky özara dostlugyny, hyzmatdaşlygyny we medeni arabaglanyşygyny aýdyň görkezýär, şeýle hem türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň şaýady bolup hyzmat edýär diýlip habarda bellenilýär.