Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurduň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti berkarar Watanyň döwlet binýatlarynyň, demokratik esaslarynyň, köpasyrlyk halk häkimiýetliligi ýörelgeleriniň mizemezligini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna gül çemenini goýdy. Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, dabaralar Baş baýdak meýdançasynda dowam etdi.
Dabara tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti hemmeleri baýramçylyk mynasybetli gutlap, bu ýerden ugrady.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan dabaralar Arkadag şäherinde, ýurduň welaýatlarynda giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Bu baýramçylyk türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan gadymy däpleriniň, parahatçylygy döredijiligiň, dostlugyň dabaralandyrylýandygyny alamatlandyrýar.