Turkmenportal logo
18.05.26
1490714907
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ NUO ýykylandan soňra reptilidleri we ýene üç görnüşli başga planetalylary tapdy
Surat: news.rambler.ru

Amerikanyň Birleşen Ştatlary hamala näbelli uçýan obýekt (NUO) ýere gaçandan soňra başga planetalylaryň dört görnüşini ele salypdyr. Bu barada ýurduň Merkezi aňtawçylyk edarasy tarapyndan maliýeleşdirilen maksatnamanyň ylmy barlagçysy bolup işlän doktor Hel Putkoffa salgylanýan «New York Post» (NYP) gazeti habar berdi.

80 ýaşly alymyň gürrüňine görä, näbelli kosmos gämisi ýere gaçandan soňra maksatnamanyň işgärleri jandarlaryň azyndan dört görnüşini tapandyklaryny habar beripdirler. Alym özüniň maglumatlara göni elýeterliliginiň bolmandygyny, emma habaryň çeşmesine ynanýandygyny nygtapdyr.

Putkoff süýrenijileri ýatladýan jandarlaryň ählisiniň gumanoidlere meňzeşdigini, iki eliniň we aýagynyň bardygyny, boýlarynyň 183 santimetre ýetýändigini aýdypdyr.

Nordikler diýilýän görnüşiň wekilleriniň daş keşbiniň Demirgazyk Ýewropanyň ýaşaýjylaryny ýatladýandygyny bellän alymyň sözlerine görä, reptilidleriň teňňeleri we uzyn guýruklary bolup, dik ýöreýärler. Çallar diýlip at berlen kel we ullakan gözlüler bolsa kino sungatynda görkezilýän görnüşlere meňzeýärler. Insektoidler diýilýän dördünji görnüş hudaýaty diýilýän mör-möjekleri ýatladyp, gumaniodlere meňzeýär diýip, hünärmenler alyma aýdypdyrlar.

Öň Federal derňew edarasy NUO-lar barada çap edilen materiallarda boýlary 122 santimetre ýetýän jandarlar hakynda habar beripdi.