14-15-nji maý günlerinde Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde «Harybülbül» IX halkara festiwaly geçirildi. Bu medeni foruma Türkmenistana wekilçilik edýän döredijilik topary hem gatnaşdy.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, halkara festiwalynda türkmen tarapyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Galkynyş» folklor toparynyň agzalary wekilçilik etdiler.
«Galkynyş» toparynyň joşgunly çykyşlary türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynyň baýlygyny, özboluşly öwüşginlerini we gadymy medeni gymmatlyklaryny belentden dabaralandyrdy.