Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny milli döwletliligiň we bitewüligiň mukaddes nyşanlary bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda: «Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän Konstitusiýamyz hem-de Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň, jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyz biziň milli mukaddesliklerimizdir. Täzelenişi we ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň ýüzündäki dünýä nusgalyk haly gölleri milli mertebämiziň, parahatçylygyň, abadançylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary bolsa ynsanperwerligimiziň dabaralanmasydyr. Biziň her birimiziň gursagymyzda Watana bolan milli buýsanjy oýaryp, täze şöhratly menzillere ruhlandyrýan Döwlet tugumyzda şekillendirilen bäş ýyldyz hem-de ýarymaý agzybirligimiziň we jebisligimiziň sarsmaz kepilligidir.
Esasy Kanunymyz biziň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň, dünýäde giňden rowaçlanýan parahatçylyk söýüjiligimiziň, hoşniýetli goňşuçylygymyzyň, müňýyllyklardan gözbaş alýan milli ýörelgelerimiziň, demokratik taglymatlarymyzyň berk binýadydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu mukaddesliklerimize daýanyp, hukuk we dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýetini gurýarys, giň möçberli durmuş-ykdysady, syýasy-hukuk özgertmelerini üstünlikli amala aşyrýarys.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan ýylynyň her bir güni Bitarap döwletimiziň parahatçylygyň we dostlugyň, bagtyýarlygyň hem-de abadançylygyň ýurdy hökmünde dünýädäki abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýän halkara ähmiýetli taryhy wakalara beslenýär. Eziz Watanymyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikler, aýratyn-da, bu milli baýram mynasybetli Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynda we Baş baýdak meýdançasynda, Arkadag şäheriniň, welaýat merkezleriniň hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň baýdak meýdançalarynda, ähli şäherdir obalarymyzda guralýan baý öwüşginli dabaralar mähriban halkymyzy uly üstünliklere ruhlandyrýar, agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar» diýip belleýär.
«Biz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen Bitaraplygymyzyň esasy ýörelgelerinden hem-de maksatlaryndan ugur alyp, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýarys. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary yzygiderli giňeldýäris. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämizden ugur alyp, merdana halkymyzyň döredijilik güýji, watansöýüjilik buýsanjy bilen gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ägirt uly mümkinçiliklerimiz şu günümiziň hem-de geljegimiziň beýikdigini ykrar edýär» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda buýsanç bilen nygtaýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlag hatynyň ahyrynda watandaşlaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş, eziz Watanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.