Türkmen halkynyň Milli Lideri Patyşa maşgalasynyň çakylygy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna saparynyň barşynda Edinburgyň Gersogy Şazada Edwardyň maşgalasy hanym Sofi Helen bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda atlara uly sarpa goýulýandygyny belläp, bu babatda özüniň atlara bolan söýgüsini beýan etdi. Ol Beýik Britaniýada atçylyk sportunyň Patyşa maşgalasynda nesillerden nesillere geçirilip gelinýändigini aýratyn belledi. Şazadanyň maşgalasy dünýäde umuman atçylyk ugruny ösdürmekde, oňa hemaýatkär bolmakda taryhy işleri bitirýändigi üçin Gahryman Arkadaga hoşallygyny beýan etdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Edinburgyň Gersogy Şazada Edward bilen duşuşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde atçylyk bilen bagly çäreleriň ýokary derejede guralandygyny belläp, özüniň minnetdarlygyny aýtdy. Bu ýerde guralan atçylyk sporty bilen bagly çärelere Türkmenistan bilen birlikde 20 ýurtdan dürli atşynaslar atlary bilen gatnaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu çäräniň gözbaşyny 1943-nji ýyldan alyp gaýdýandygyny, bu çäräni geçirmek bilen bagly başlangyjy Şazadanyň ejesi Şa zenany Ýelizaweta II öňe sürendigini we tassyklandygyny ýatlady. Şeýle hem duşuşykda Gahryman Arkadag 1956-njy ýylda Türkmenistanyň ussat atşynasy Babaly Taýmazowyň äkitmeginde altynsow reňkli Meleguş atly behişdi ahalteke bedewiniň Şa zenany Ýelizaweta II sowgat berilendigini gürrüň berdi. Duşuşygyň dowamynda Edinburgyň Gersogy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti O.Atabaýewa bilen söhbetdeş bolup, atçylyk sporty we onuň ynsan saglygyna edýän täsiri, ippoterapiýanyň ähmiýeti dogrusynda pikir alyşdylar.
Şazada Edward türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirip, geçirilen gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň taryhyna täze sahypany ýazandygyny belledi.