Turkmenportal logo
Şu gün 14:09
51145114
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
 Türkmenistan we Azerbaýjan bilelikdäki gurluşyk işlerini maslahatlaşýar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça komitetiniň başlygy  Derýageldi Orazow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy, diýip news.milli.az habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda D.Orazow Azerbaýjanyň döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ol azerbaýjan tarapyny ýurtda Bütindünýä şäher gurluşyk forumynyň 13-nji sessiýasynyň geçirilmegi bilen gutlady.

Duşuşykda türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Fizuli şäherinde gurulýan metjidiň gurluşyk meselesine aýratyn üns berildi. Prezident Ilham Aliýew bu taslama üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi we gurluşygyň dowam edýändigini belledi. Taraplar, şeýle hem soňky ýyllarda giň gerimli  gurluşyk maksatnamasy amala aşyrylýan Garabag sebitindäki dikeldiş işleriniň barşyny  ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça D.Orazow Garabaga ýene-de bir gezek baryp görmäge we ol ýerde durmuşa geçirilýän taslamalaryň barşy bilen tanyşmagy meýilleşdirýändigini belledi.