Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi ýurduň bäş etrabynda etrap kazyýetleriniň dolandyryş binalarynyň gurluşygy boýunça bäsleşik yglan etdi. Işler Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň sargyt etmegi boýunça amala aşyrylar.
Tender resminamalaryna laýyklykda, täze kazyýet binalaryny Daşoguz welaýatynyň Akdepe we Görogly etraplarynda, Lebap welaýatynyň Farap we Halaç etraplarynda, şeýle hem Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda gurmak meýilleşdirilýär.
Arzalary we teklipleri şu ýylyň 2-nji iýulyna çenli ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdiriliginde şu salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 84. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-77, 44-46-64.
Bäsleşik baradaky maglumat «Türkmenistan» gazetiniň 2026-njy ýylyň 16-njy maýyndaky sanynda çap edildi.