Turkmenportal logo
16.05.26
2675726757
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Köneürgençde döwrebap bazaryň gurluşygy meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Köneürgenç şäherinde döwrebap bazaryň taslama resminamalaryny taýýarlamak we ony gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bäsleşik baradaky maglumat «Türkmenistan» gazetiniň 2026-njy ýylyň 16-njy maýyndaky sanynda çap edildi.

Bäsleşik tekliplerini kabul etmek 2026-njy ýylyň 19-njy iýunyna, sagat 18:00-a çenli amala aşyrylýar.

Gyzyklanma bildirýän guramalar şu salgy boýunça ýüz tutup bilerler: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 52. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-64-74, 44-64-15, 44-64-14, 44-64-77.