Turkmenportal logo
Şu gün 10:58
28222822
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Google brendi 57% gymmatlady we ol Apple kompaniýasyny Kantar reýtinginiň birinji ornundan gysyp çykardy

Google kompaniýasy Kantar Millward Brown marketing agentligi tarapyndan çap edilýän dünýäniň iň gymmat 100 brendiniň ýyllyk reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu kompaniýanyň 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek reýtingde öňdeligi ele almagydyr.

Google brendiniň gymmaty bir ýylyň dowamynda 57% ýokarlanyp, 1,5 trillion dollara ýetdi. Kantaryň baha berşine görä, ösüş täze emeli aň modelleriniň çykarylmagy, Gemini tehnologiýasynyň kompaniýanyň önümlerine we hyzmatlaryna, ilkinji nobatda, gözleg ulgamyna ornaşdyrylmagy, şeýle hem maglumatlary işläp taýýarlamak merkezleriniň infrastrukturasyna goýlan maýa goýumlary bilen baglydyr.

2022–2025-nji ýyllar aralygynda dört ýyl yzly-yzyna reýtingiň birinji ornunda bolan Apple bu gezek ikinji orna düşdi. Onuň brendiniň gymmaty 6% ýokarlanyp, 1,4 trillion dollara ýetdi.

Beýleki möhüm netijeleriň arasynda Anthropic kompaniýasynyň ilkinji gezek reýtinge girmegi aýratyn bellenilýär: kompaniýa dessine 27-nji orny eýeläp, onuň çaklanylýan brend gymmaty 96,6 milliard dollar boldy. OpenAI bolsa reýtingdäki ähli gatnaşyjylaryň arasynda ýylyň iň ýokary ösüş depginini görkezdi — 285%. Deňeşdirmek üçin aýdylanda, top-100 sanawynyň taryhynda has ýokary görkeziji diňe BlackBerry kompaniýasyna degişli bolupdy: onuň brendi 2008-nji ýylda 390% ösüş görkezipdi.

Hasabatda Aziýa brendleriniň durnukly ösüşi hem bellenilýär: Alibaba 51%, Xiaomi 48%, Tencent bolsa 45% ösüş gazandy. Tencent kompaniýasy 2023-nji ýyldan bäri ilkinji gezek öňdebaryjy onluga gaýdyp geldi.

Reýtingdäki ähli ýüz brendiň umumy gymmaty geçen ýyl bilen deňeşdirilende 22% ýokarlanyp, rekord dereje bolan 13,1 trillion dollara ýetdi.

Kantar Millward Brown bu reýtingi 21 ýyldan bäri çap edip gelýär. Reýting düzülende kompaniýalaryň maliýe görkezijileri, şol sanda S&P Capital IQ maglumatlaryna esaslanýan seljerişler, patentler we söwda nyşanlary ýaly maddy däl aktiwleriň paýy, şeýle hem Meaningful, Different, Salient (MDS) usuly boýunça kesgitlenýän «brendiň güýji» göz öňünde tutulýar. Bu görkeziji häzirki sarp ediş islegini, brendiň ýokary baha syýasatyny saklap bilmek ukybyny we ösüş mümkinçiligini şöhlelendirýär.