Turkmenportal logo
Şu gün 10:49
39023902
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenpoçta» we «TMDrops» onlaýn söwdalar üçin täze çözgütleri işe girizdi

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy «TMDrops» logistika gullugy bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly, Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin halkara onlaýn söwda mümkinçilikleriniň giňeldilýändigini mälim etdi. Täze çözgütler «Amazon», «eBay» we «Zara» ýaly meşhur daşary ýurt internet-dükanlaryndan harytlary sargyt etmäge we olary Türkmenistana getirtmäge şert döredýär.

Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, bu hyzmat ulanyjylara ABŞ-da hem-de Italiýa we Gresiýa ýaly Ýewropa ýurtlarynda şahsy wirtual salgylary hödürleýär. Hasaba durulandan soňra, müşderä internet-dükanynda sargyt rasmileşdirilende ulanyp biljek aýratyn daşary ýurt salgysy we şahsy identifikatory berilýär.

Halkara daşamalary we eltip bermek işlerini «Türkmenpoçta» öz üstüne alýar, «TMDrops» bolsa sargytlaryň yzarlanmagyny we logistika goldawyny üpjün edýär. Gullugyň berýän maglumatlaryna görä, harytlary eltip bermegiň ortaça möhleti ABŞ-dan 10 günden 20 güne çenli, Ýewropa ýurtlaryndan bolsa 7 günden 14 güne çenli wagt alýar.

Hyzmatlaryň bahasy ugradylýan harydyň hakyky agramyna görä hasaplanýar, bu bolsa alyjylara çykdajylary öňünden meýilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ähli halkara ugratmalar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hökmany gümrük barlagyndan geçirilýär.

Kompaniýada bu hyzmatyň we maglumat goldawynyň türkmen, rus we iňlis dillerinde elýeterlidigi bellenildi. Şertler barada has giňişleýin maglumaty «TMDrops» logistika gullugynyň resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.