Turkmenportal logo
Düýn 17:03
1850718507
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň baýdagy Annapurnanyň gerşinde galdyryldy

«Morinžgeologiýa» hyzmat ediş kärhanalar toparynyň işgärleri Nepaldaky sekiz müň metrden ýokary belentlikdäki Annapurna gerşine (8 091 m) üstünlikli çykyp, onuň depesinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrdylar. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň habar bermegine görä, bu ekspedisiýa ýurduň Konstitusiýa we Döwlet baýdagy güni mynasybetli guraldy.

Nepalyň merkezi böleginde ýerleşýän Annapurna dünýäniň iň beýik daglarynyň arasynda onunjy orny eýeleýär. Ol 1950-nji ýylda adam tarapyndan ilkinji gezek boýun egdirilen sekiz müňlük dag gerşi hökmünde taryha girdi. Dag toplumy howa şertleriniň örän çylşyrymly bolmagy we güýçli gar gaçgynlarynyň ýokary howpy sebäpli alpinistler üçin iň howply ugurlaryň biri hasaplanýar.

Soňky ekspedisiýa holdingiň alpinistler toparynyň gazanan üstünlikleriniň sanawyny ýene-de baýlaşdyrdy. Mundan ozal «Morinžgeologiýanyň» işgärleri Ewerest, K2, Manaslu, Akonkagua, Amu-Dablam, Kilimanjaro, Ararat, Monblan we Matterhorn daglaryna hem çykdylar. Bu daglaryň hersiniň depesinde-de türkmen baýdagy buýsanç bilen galdyryldy.

Habarda bellenilişi ýaly, «Morinžgeologiýa» hyzmat ediş kärhanalar topary Hazar deňziniň ýalpaklyk zolagynda geofiziki hem-de inžener-geologiýa gözleg işleri boýunça ýöriteleşýär. Şeýle-de topar Dragon Oil, Petronas Carigali, «LUKOÝL» ÖPJ, «KazMunaýGaz» milli kompaniýasy we SOCAR ýaly iri halkara energetika kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.