Turkmenportal logo
Şu gün 15:42
42324232
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Belarusyň uniwersitetleri Türkmenistandan talyplara garaşýar

Käbirleri geljek barada diňe oýlanyp ýören bolsa, beýlekiler eýýäm daşary ýurt uniwersitetlerine resminamalaryny tabşyrýarlar we täze durmuşa taýýarlyk görýärler. Daşary ýurtda bilim almak eýýäm elýetmez arzuw bolmagyny bes etdi. Häzirki wagtda artykmaç çykdajy etmezden we çylşyrymly ýollary geçmezden, ýokary hilli bilim we halkara derejeli diplom almak mümkindir.

Belarus türkmen talyplarynyň arasynda iň meşhur ugurlaryň birine öwrüldi. Onuň sebäbi düşnükli: bu ýerde güýçli bilim ulgamy, döwrebap uniwersitetler, elýeterli okuw tölegleri we isleg bildirilýän hünärler birleşýär. Belarusyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurumlary lukmançylyk, IT, inženerçilik, işewürlik we beýleki köp sanly ugurlarda Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň çäklerinde, şeýle hem dünýäniň başga-da köp ýurtlarynda üstünlikli işleýärler.

Aýratyn bellemeli zat bolsa, okuwa girmäge hemmeler üçin mümkinçilik bardyr. Mekdebi haçan tamamlandygyňyz, synaglardan gorkýandygyňyz ýa-da okuwa girmegiň tertibine doly düşünmeýändigiňiz hiç hili päsgelçilik däl. Ýanyňyzda tejribeli hünärmenler bar wagty, ähli zat has aňsat bolýar.

Ýalňyşmazlyk üçin kime ýüz tutmaly?

«Bitewi Hyzmat» kompaniýasy eýýäm birnäçe ýyldan bäri tTürkmenistanly dalaşgärlere Belarusyň uniwersitetlerine girmäge kömek edip gelýär. Goldaw hyzmaty ilkinji geňeşmeden başlap, tä talyplyga kabul edilýänçäňiz dowam edýär.

Girmäge kömek edilýän ýokary okuw mekdepleri:

  • Belarus döwlet uniwersiteti

  • Belarus milli tehniki uniwersiteti

  • Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti

  • A.S. Puşkin adyndaky Brest döwlet uniwersiteti

  • Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersiteti

  • Belarus döwlet lukmançylyk uniwersiteti

  • Grodno döwlet lukmançylyk uniwersiteti

  • Gomel döwlet lukmançylyk uniwersiteti

  • Witebsk döwlet lukmançylyk uniwersiteti

  • Belarus döwlet daşary ýurt dilleri uniwersiteti

  • Belarus-Russiýa uniwersiteti

Hyzmatlaryň düzümine nämeler girýär?

  • Uniwersiteti we hünäri saýlamak

  • Resminamalary resmileşdirmäge kömek 

  • Giriş synaglaryna taýýarlamak

  • Her bir dalaşgäre aýratyn çemeleşme

  • Ilkinji geňeşme mugt

Habarlaşmak üçin

Salgysy: Syýahat («Турист»)
E-mail: bitevihyzmat@gmail.com / bsustudent2024@mail.ru

Telefonlar:
(+993 62) 02 30 84
(+993 71) 43 30 88
(+993 71) 43 30 77