Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gazagystana amala aşyran iş saparynyň dowamynda ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen bilelikde Özbegistan tarapyndan gurlan Türküstan şäherindäki metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Umumy meýdany 7 gektardan gowrak bolan dini toplum bir wagtda 5 müňden hem köp adamyň namaza durmagyny üpjün edýär. Binagärlik toplumy beýikligi 70 metre ýetýän dört minarany we esasy namaz okalýan zaly hem-de däp bolan eýwanlary öz içine alýan üç gatly baş binany özünde jemleýär.
Ymaratyň keşbi yslam hem-de gündogar binagärliginiň däplerine laýyklykda ýerine ýetirilipdir: taslamada milli nagyşlar, gündogar gümmezleri we häzirki zaman gurluşyk çözgütleri sazlaşykly utgaşýar. Içki bezeglerde yslam hatdatçylygynyň hem-de bezeg sungatynyň elementleri ulanylypdyr.
Topluma ýanaşyk 4,2 gektar meýdan hem abadanlaşdyrylypdyr. Bu ýerde ýaşyl zolaklar, pyýada ýodalary, dynç alyş ýerleri, bezeg elementleri, suw çüwdürimleri we yşyklandyryş ulgamlary göz öňünde tutulypdyr.