Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa bilen ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda köpugurly häsiýete eýe bolan özara gatnaşyklary, köptaraplaýyn formatyň çäklerindäki dialogyň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek halkara çäreleriniň ähmiýetini belledi. Şeýle-de 2026-njy ýylyň oktýabrynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine Prezident Wladimir Putiniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Söhbetdeşligiň dowamynda uzak geljegi nazarlaýan türkmen-rus gatnaşyklarynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlaryň ähmiýetine üns çekildi hem-de bu ugurlar dogrusynda degişli teklipler beýan edildi.
Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII Halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Kazanda saparda bolýar.