Turkmenportal logo
Şu gün 17:34
51545154
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazana bardy
Surat: tatar-inform.ru

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII Halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Kazana bardy. Bu barada Tatarystanyň Baştutanynyň Metbugat gullugy habar berdi.

«Rustam Minnihanow Kazanyň halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy garşylady» diýlip, habarda bellenilýär.

Ozal habar berlişi ýaly, bu sapar Türkmenistanyň Russiýa bilen strategik hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek maksady bilen guralýar. Foruma gatnaşmakdan başga-da, saparyň çäginde «Russiýa — Yslam dünýäsi Hyzmatdaşlyk EXPO», «Halkara gozgalmaýan emläk bazary» sergilere we maslahatlara, «Kazan halal bazary» halkara söwda sergi-ýarmarkasyna, şeýle hem «Asylly moda güni» festiwalyna baryp görmek meýilleşdirilýär.

Saparyň maksatnamasyna sport ýaryşlary hem girizildi. Olaryň geçirilmegi Türkmenistanda şu ýylyň «Garaşszy, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi we bedewlere goýulýan sarpanyň nyşany hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir.