Turkmenportal logo
Düýn 22:56
1055210552
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putinyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Prezident Wladimir Putin birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasynda yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlyk ýagdaýyna ýokary baha berdiler. Prezident Wladimir Putin iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan goşandy üçin, Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde Prezident Wladimir Putiniň türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan goşandyny belläp, Russiýa Federasiýasynda strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady we Türkmenistanyň Prezidentiniň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşler iki ýurduň arasynda dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, döwletara dialogy mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigini nygtadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.