Turkmenportal logo
Düýn 19:37
76437643
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bakuwda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekildi

Azerbaýjanyň paýtagtynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň wekiliýetleriniň duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek we işgärleriň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak ulgamynda tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Azerbaýjanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Konfederasiýasy Özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekdiler. Resminama türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiýewa, azerbaýjan tarapyndan bolsa Azerbaýjanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Konfederasiýasynyň başlygy Sahib Mammedow gol çekdi.

Gol çekilen Ähtnama iki ýurduň kärdeşler arkalaşyklary düzümleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary has-da berkitmäge we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir