Turkmenportal logo
Düýn 22:58
1087410874
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti «Petronas» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Surat: Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiniň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikany, «Petronas» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy we Baş ýerine ýetiriji direktory Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi, şeýle hem «Petronas» kompaniýasynyň Baş önümçilik direktory, Ýerine ýetiriji wise-prezidenti, Gözleg we agtaryş, özleşdirme we çykaryş bölümçesiniň baş ýerine ýetiriji direktory Mohd Jukris Abdul Wahaby kabul etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly,  Malaýziýa bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk netijeli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we özara saparlaryň döwletara gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň ykdysady mümkinçiliklerinden peýdalanmakda «Petronas» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Türkmenistanyň Prezidenti şu ýyl ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga 30 ýylyň dolýandygyny belläp, şu döwürde kompaniýanyň Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini çykarmak, Hazar deňzini türkmen bölegini özleşdirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşandygyny, şeýle hem ýurduň nebit-gaz senagaty üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda üstünlikli işleri alyp barandygyny aýtdy.

Malaýziýanyň ýurduň şu gezekki saparynyň çäklerinde «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «Petronas» kompaniýasynyň arasynda täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekmek meýilleşdirilýär.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň wekilleri birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.