Turkmenportal logo
Düýn 22:50
57775777
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ahalteke atçylyk toplumynda atlaryň saglygyna emeli aň arkaly gözegçilik ediler

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, onda alnyp barylýan düýpli döwrebaplaşdyrmak işleri bilen tanyşdy.  Onuň dowamynda türkmen halkynyň Milli Liderine toplumyň ýapyk görnüşli athanasynda ornaşdyrylýan sanly ulgamyň mümkinçilikleri barada maglumat berildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişli ýaly, toplumda ýapyk görnüşli athana bolup, onda howa çalşygy, atlary iýmlemek, suwa ýakmak ýaly işler sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar. Mundan başga-da, bu ýerde atlaryň saglyk ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi ýola goýmaga niýetlenilen enjam oturdylar. Munuň özi emeli aňyň mümkinçilikleri we sanly ulgam arkaly atlaryň saglyk ýagdaýyna degişli maglumatlary merkezde jemlemäge ýardam eder. Şeýle hem toplumyň çägindäki ýapyk maneže ak çäge düşelip, ol aşakdan çyglandyrylar. Bu bolsa çägäniň dykyzlygyny üpjün eder. Atlar üçin amatlylygyň baş şertini emele getirer. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri bedewleri saklamak, seýislemek we atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna we umumy ykrar edilen kadalara laýyk gelmelidigini belledi we bu babatda özüniň öwüt-ündewlerini berdi.