Turkmenportal logo
Düýn 22:43
55455545
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Häzirki döwürde toplumda düýpli döwrebaplaşdyrmak işleri dowam edýär. Onuň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleriň häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilerine laýyk gelmegi ugrunda edilýän tagallalar özüniň oňyn netijesini berýär.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Liderine toplumda alnyp barylýan döwrebaplaşdyryş işleriniň netijesi we gurluşyklaryň depginleri barada giňişleýin maglumatlar berildi. Gahryman Arkadagyň belleýşi ýaly, alnyp barylýan işler toplumyň tebigy aýratynlyklary bilen utgaşykly ýerine ýetirilmelidir. Bezeg işlerinde reňkleriň sazlaşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunda gurluşyk we bezeg serişdeleriniň hil derejesine zerur üns berilmelidir.

Mundan başga-da, bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderine topluma gelýän ýoly döwrebaplaşdyrmak, onuň ugrunda ýol belgilerini, degişli şekilleri ýerleşdirmek, onuň yşyklandyryş ulgamynyň aýratynlyklary we ýol gurluşygynyň häzirki zaman usullary barada maglumatlar berildi. Bellenilişi ýaly ýoluň gurluşygy 10 gatlakdan ybarat bolup, olarda ulanylýan serişdeler hil derejesi we berklik babatda ýokary halkara görkezijilerine doly kybap gelýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri toplumda gurluşyk we bezeg işleri boýunça häzirki zamanyň ösen tejribesiniň we ylmyň ýokary gazananlarynyň işjeň ulanylýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa bu ýerde ulanylýan tejribeleri özleşdirmek babatda birnäçe maslahatlary berdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri hemmelere kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.