Turkmenportal logo
10.05.26
2472724727
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Küşt kluby açyldy

Düýn Aşgabatdaky Fransuz institutynda Küşt klubunyň şenbe günleri geçirilýän duşuşyklaryna badalga berildi. Taslama Türkmenistanyň Küşt federasiýasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär we küşt oýnuny wagyz etmäge, şeýle-de giň köpçüligiň arasynda aň-paýhas dynç alyşyny ösdürmäge gönükdirilendir.

Klubyň açylan güni oňa küşt söýüjileriň 30-dan gowragy gatnaşdy: olaryň hatarynda talyplar, okuwçylar, çagalary bilen gelen ene-atalar hem-de tutuş maşgala bolup gelenler bar. Klubdaky orunlaryň sany çäkli bolansoň, oýnamak isleýänler küşt tagtasynyň başynda boş ýer açylýança sabyrlylyk bilen garaşdylar.

Küşt oýnunyň şäher ýaşaýjylarynyň arasynda dynç alyşyň bir görnüşi hökmünde uly gyzyklanma döretmegi geň däldir. Sebäbi bu beýnini türgenleşdirmek, strategik pikirlenmäni ösdürmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir! Mundan başga-da, bu ýerde bir agşamyň dowamynda dürli taýýarlyk derejesindäki birnäçe garşydaş bilen oýnap, şol bir wagtyň özünde söhbetdeş bolup, kofe içip hem-de wagtyňy peýdaly geçirip bolýar.

Kluba gelen 23 ýaşly Ernest şeýle gürrüň berýär:

«Maňa küşt oýnamagy babam öwredipdi we bu oýun maňa örän ýaraýar. Men bu ýere şäheriň beýleki künjeginden geldim we muňa asla ökünmedim: gyzykly oýun oýnap, gowy söhbetdeş hem boldum. Geljek şenbe ýene-de hökman gelerin!»

Klubda meýletinçi kömekçiler hem bar. Olaryň ikisi — Selbi Ataýewa bilen Muhammetaly Muhadow Fransuz institutyndan, ýene ikisi — Selbi Ataýewa bilen Aýtäç Ataýewa bolsa Türkmenistanyň Küşt federasiýasyndan. Olar gatnaşyjylaryň özlerini rahat duýmaklaryna kömek edýärler, ähli guramaçylyk meselelerini çözýärler. Mundan başga-da, olaryň hemmesi küşt oýnuny gowy görýärler we bu gyzykly oýnuň ilkinji ädimlerini edýänlere uly höwes bilen ýardam berýärler.

Ýatladyp geçsek, Küşt kluby her şenbe güni sagat 18:30-dan 20:00-a çenli şu salgyda işleýär: Aşgabat şäheri, Aga Garryýew köçesi (öňki Sokolowskiý köçesi), jaý 69.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 36 83 70 / 36 83 71 / 36 83 72 (duşenbe — anna günleri, sagat 14:00-dan 19:00-a çenli).

Aşgabatda Küşt kluby açyldy | Turkmenportal.com