Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Ýakupgeldi Gurbannyýazowiç Kasymow Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» tele-radioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadylyp, bu wezipä Guwanç Halmuhammedowiç Nazarow bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ozal habar berlişi ýaly, Ýakupgeldi Gurbannyýazowiç Kasymow Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesine 2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda bellenilipdi.