Turkmenportal logo
Şu gün 16:50
34513451
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Fox we Indeed 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryna tomaşa edene 50 müň dollar teklip edýär

Amerikanyň Fox teleýaýlymy halkara iş gözleg hyzmaty Indeed bilen bilelikde adaty bolmadyk iş ornuny — «2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň baş tomaşaçysy» diýen boş iş ornuny yglan etdi.

Bu wezipä ýekeje adam saýlanyp alnar we ol ýaryşyň ähli 104 oýnunyň göni ýaýlymyna tomaşa etmeli bolar. Görkezişler Nýu-Ýork şäheriniň Taýms-skwer meýdançasynda ýörite enjamlaşdyrylan ýerde guralar. Bu iş üçin sylag hökmünde 50 müň dollar göz öňünde tutulýar.

«Baş tomaşaçynyň» wezipe borçlaryna oýunlaryň her bir minudynda ekranyň öňünde bolmak, çempionat döwründe mazmun döretmek we çap etmek, şeýle hem meýdançada tomaşaçy gurşawyny saklamak girýär.

2026-njy ýylda boljak dünýä çempionaty ilkinji gezek giňeldilen düzümde — 48 milli ýygyndynyň gatnaşmagynda geçiriler. Şeýle-de bu ýaryş taryhda ilkinji gezek bir wagtyň özünde üç ýurduň — ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň çäginde geçiriler. Bäsleşik 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli meýilleşdirilýär.