Turkmenportal logo
Şu gün 14:12
36613661
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 21-nji maýda geçiriljek «Ak şäher Aşgabat — binagärlik sungatynyň dürdänesi, ylmy innowasiýalaryň mekany» atly Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu çäre şäher gününe bagyşlanan dabaralaryň öňüsyrasynda geçiriler.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, maslahata Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň alymlary, mugallymlary, aspirantlary, talyplary hem-de ylmy-barlag edaralarynyň işgärleri çagyrylýar.

Maslahatyň çäklerinde dört esasy ugur boýunça çykyşlar meýilleşdirilýär:

  • Binagärlik we gurluşyk innowasiýalary, döwrebap materiallar we ösen tehnologiýalar; 

  • Binagärlik, dizaýn, şähergurluşyk we ilatly ýerleriň meýilleşdirilişi; 

  • Sanly tehnologiýalaryň gurluşykda we binagärlikde ornaşdyrylmagy, gurluşygyň ykdysadyýeti; 

  • Gurluşykda ekologiýa, durmuş howpsuzlygy we alternatiw energiýa çeşmeleri.

Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmak isleýänler 15-nji maýa çenli guramaçylyk komitetine gatnaşyjynyň hasaba alyş formasyny, şeýle hem taýýarlanan tezisleri we annotasiýalary tsaci.conferens@gmail.com hem-de ylym.tdbgii@gmail.com elektron salgylaryna ibermelidirler.

Çäre barada has giňişleýin maglumat institutyň saýtynda ýerleşdirilendir.