Turkmenportal logo
Şu gün 12:24
29362936
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Nikita Szýu – Oskar Dias: söweşiň başlanjak wagty we ony Türkmenistanda göni ýaýlymda nirede tomaşa edip bolar

Awstraliýaly heniz ýeňilmedik boksçy Nikita Szýunyň gatnaşmagynda boks agşamy çarşenbe güni Awstraliýanyň Nýukasl şäherinde geçiriler. Ýaryşyň göni ýaýlymy Türkmenistanda Belet onlaýn kinoteatry arkaly görkeziler, oňa Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da tomaşa edip bolar.

Agşamyň esasy duşuşygynda Szýu 69,9 kilograma çenli agram derejesinde (birinji orta agram) ispaniýaly Oskar Dias bilen ýüzbe-ýüz bolar.

Nikita Szýu (28 ýaşynda) — öňki absolýut dünýä çempiony Kostýa Szýuň ogly. Awstraliýaly türgen ussatlaryň ringine 2022-nji ýylda çykdy we şondan bäri 11 ýeňiş gazandy, şolaryň dokuzysy nokaut bilen bolup, ol henize çenli bir gezek hem ýeňilen däldir.

Onuň garşydaşy, ispaniýaly Oskar Dias (25 ýaşynda), ussatlaryň derejesinde 2019-njy ýylda çykyş edip başlady. Häzirki wagta çenli onuň hasabynda 16 ýeňiş bar, şolaryň altysy nokaut bilen gazanyldy, onuň hem entek ýeňlişi ýok.