Turkmenportal logo
Şu gün 11:00
52965296
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleri täze şou-maksatnamasyny hödürlediler

Türkmen döwlet sirkiniň sungat işgärleri Aşgabadyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna täze sirk çykyşlaryny taýýarlady. Bu bolsa çagalar hem ulular üçin maý sowgatlaryndan biri boldy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Çykyşlar «Türkmen äheňleri» orkestriň ýerine ýetiren uwertýurasy bilen başlandy. Sirkiň arenasynda çykyşa gatnaşyjylaryň dabaraly ýörişi üçin kompozisiýa ýaňlandy. Bu çykyşyň tomaşaçylary sirkiň artistleri bilen tanyşdyrýan möhüm bölegidir.

Sirk sungatynyň däbine görä çykyşyň başy howa gimnastikaçysy Aýlar Bebilowanyň çykyşyndan başlandy. Gorkusyz akrobatyň sirkiň gümmezi astynda halkadaky oýun tärleri tomaşaçylaryň ähli ünsüni özüne çekdi.

Orkestriň ýerine ýetirmeginde türkmen halk aýdymy «Awçy mukamy» bilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýigitleri Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Serdar Pygyýewiň ýolbaşçylygynda arenada çykyş etdiler.

Meşhur toparyň çykyşy ýene-de ahalteke bedewleriniň gözelliginden lezzet almaga, tälim bermek sungatyna haýran galmaga we çalasyn we ýürekli ýigitleri garşy almaga mümkinçilik berýär.