Turkmenportal logo
Düýn 22:41
92459245
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen atşynaslary Daşkent şäherinde geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşýarlar

Şu gün Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň agzalaryndan hem-de «Türkmenatlary» döwlet birleşiginiň hünärmenlerinden ybarat topar Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiklerine hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly maslahata gatnaşmak üçin ýola düşdüler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 9-10-njy maýynda Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» atly halkara çäresiniň geçirilmeginiň we bu bäsleşiklere ýurduň ahalteke atlarynyň gatnaşdyrylmagynyň behişdi bedewleriň şan-şöhratyny has-da belende göterjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň agzalarynyň we «Türkmenatlary» döwlet birleşiginiň hünärmenleriniň hem-de halkara çärelerine gatnaşjak bedewleriň ýoly Arkadag şäheriniň baş bezegine öwrülen Akhan binasynyň daşyndan geçýän halkalaýyn ýoluň çäginden badalga aldy. Olar Akhan şaýolunyň ugry bilen dowam edip, täze şäheriň baýdak meýdançasynyň çäginden geçip, Gökdepe şaýoly bilen ýola düşdüler. Bu görnüşler Türkmenistanda halkyň milli buýsanjyna öwrülen ajaýyp gymmatlyklaryň sarpasynyň belent tutulýandygynyň we ahalteke bedewleriniň dürli derejedäki bäsleşiklere işjeň gatnaşmaklary ugrunda döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.