Turkmenportal logo
Düýn 22:06
1537815378
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen zyýaratçylarynyň 289-sy haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystanyna iberiler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmenistanlylaryň haj parzyny berjaý etmekligi bilen baglanyşykly resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, 2026-njy ýylyň 21-nji maýy 11-nji iýuny aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi. «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugyna zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin ýörite uçar gatnawyny öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak tabşyryldy.