Turkmenportal logo
Düýn 19:09
69156915
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň toparlary Bütindünýä innowasiýa bäsleşiginde «kümüş» medal gazandy

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň toparlary Indoneziýanyň Denpasar şäherinde geçirilen Durnukly ösüş ugrundaky II Bütindünýä innowasiýa bäsleşiginde Türkmenistana üstünlikli wekilçilik etdiler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Oba hojalyk uniwersitetiniň toparynyň düzümine maglumat ulgamlary we sanly tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Meretmuhammet Hojanepesow, «Oba hojalygynda ykdysadyýet we dolandyryş» hünäriniň magistraturasynyň 1-nji ýyl talyby Ýaran Hudaýberdiýew hem-de «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalar (oba hojalygy)» hünäriniň 2-nji ýyl talyby Batyr Hudaýberdiýew girdi. Olar «Gurak sebitler üçin özbaşdak gün distillýasiýa ulgamynyň taslamasyny taýýarlamak we optimizirlemek» atly ylmy taslama bilen çykyş edip, halkara bäsleşigiň eminler topary tarapyndan ýokary baha mynasyp boldylar.

Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyplaryndan düzülen topar lukmançylyk ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymynyň ýolbaşçylygynda çykyş edip, «Aral deňziniň ekologiki meselelerini çözmegiň ýollary» atly ylmy-barlag taslamasyny hödürledi. Taslama innowasionlygy we amaly ähmiýeti üçin halkara bilermenler we eminler tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy.

Halkara bäsleşigiň jemleri boýunça türkmen toparlarynyň ikisi hem hormatly ikinji orny eýeläp, ýeňijileriň diplomlary we kümüş medallar bilen sylaglandy.