Turkmenportal logo
Şu gün 09:47
51675167
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen milli konserwatoriýasynda kompozitor Aýna Şirowanyň awtorlyk konserti geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kompozitor Aýna Şirowanyň awtorlyk konserti üstünlikli geçirildi.

Konsertiň maksatnamasynda dürli žanrlardaky eserler — wokal we instrumental kompozisiýalar, uly ýaşly diňleýjiler hem-de çagalar üçin niýetlenen eserler ýerine ýetirildi.

Çykyş edenleriň arasynda Türkmenistanyň halk artisti G. Neýmarkyň çeper ýolbaşçylygyndaky «Mukam» skripkaçylar topary hem bar. Toparyň ýerine ýetirmeginde täze «Ene walsy» atly eseriň premýerasy boldy. Şeýle hem skripkaçylar TÜRKSÖÝ guramasynyň festiwallarynyň birinde uly üstünlik bilen çykyş eden «Nowruz yşyklary» eserini ýerine ýetirdiler.

Konsertde şeýle-de aýdymçylar Aýjeren Abdyllaýewa, Bahar Durdyýewa we skripkaçy Leýli Salyhowa çykyş etdiler. Baýramçylyk äheňindäki jemleýji çykyş hökmünde Annaoraz Döwletowyň ýolbaşçylygyndaky «Melodiýa» orkestriniň çykyşlary boldy. Orkestriň ýerine ýetirmeginde «Ýagyş astynda gezelenç», «Ölmez-ýitmez polk» walsy ýaňlandy, şeýle hem «Tüýdüjek» atly eseriň premýerasy boldy.

Konsertiň dowamynda diňleýjilere partituralarda gizlenen sazly tapmaçalar bilen baglanyşykly kompozitorlyk oýny hem hödürlendi.

Sazly agşam tamamlanandan soň, Aýna Şirowa zaldaky tomaşaçylary täze eseriniň bilelikde awtordaşlary bolmaga çagyrdy we bir saz temasyny ýerine ýetirdi. Soňra onuň dowamynyň nähili bolmalydygyny, haýsy saz gurallary ulanylsa ýerlikli boljakdygyny tomaşaçylara saýlamak teklip edildi. Kompozitor ähli teklipleri nazara alyp, eseri tamamlajakdygyny we ony geljekki konsertleriniň birinde ýerine ýetirjekdigini aýtdy.