«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt howa menziline amala aşyrylýan gatnawlary 6-njy maýdan başlap 3-nji terminal arkaly ýerine ýetiriler. Bu barada gatnadyjynyň metbugat gullugy habar berdi.
«2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Frankfurt halkara howa menziline amala aşyrylýan uçuşlar 3-nji terminaldan ýerine ýetiriljekdigini habar berýäris» — diýlip, habarda aýdylýar.
Ýolagçylara özbaşdak hasaba alyş (self check-in) hyzmatlaryny 3-nji terminalda ulanmak we uçuş üçin degişli gapylara geçmek maslahat berilýär.