Aşgabat şäherindäki Döwletliler köşgüniň çagalary we bilim ulgamynyň işgärleri 28 — 30-njy aprel aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen Türki dünýäsiniň çagalar oýunlarynyň festiwalyna gatnaşdylar.
Festiwala Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Wengriýadan, Demirgazyk Kiprden, Özbegistandan, Türkmenistandan we Türkiýe Respublikasynyň dürli ýerlerinden gelen çagalar gatnaşdylar.
Festiwal Türki Döwletleriň Guramasynyň ýardam etmeginde Türkiýe Respublikasynyň Milli bilim ministrligi tarapyndan guraldy diýip. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berildi.
Festiwalyň açylyş dabarasy we esasy çäreleri Stambul şäherindäki XVIII asyra degişli bolan taryhy binada ýerleşýän, şäheriň medeni we bilim merkezi hökmünde hereket edýän Rami kitaphanasynda geçirildi.
Türkiýe Respublikasynyň milli bilim ministriniň orunbasary Ömer Faruk Ýelkençi açylyş dabarasynda eden çykyşynda bu festiwalyň çaga oýunlarynyň üsti bilen türki döwletleriň çagalarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek, çagalara ýaşlykdan taryhy kökleri birlikden dörän medeniýetleri, ruhy gymmatlyklary öwrenmeklige ýardam bermek maksady bilen ilkinji gezek geçirilýändigini belledi.
Üç günüň dowamynda Stambul şäheriniň uly we kiçi ýaşly ýaşaýjylaryna, şäheriň myhmanlaryna türki dünýäsiniň çagalar oýunlaryna, dürli görnüşli döredijilik çykyşlaryna tomaşa etmäge, bilelikde oýnamaga we öwrenmäge, hödür edilýän milli tagamlary dadyp görmäge mümkinçilik döredildi.
Döwletliler köşgüniň çagalarynyň oýnan «çilik», «ýaglyga towusdy», «ýüzükbukdy», «aýterek-günterek», «gözdaňdy», «çopan bilen möjek», «düzzüm», «bäşdaş», aşykly oýnalýan «jikge-tükge», «üçem» ýaly türkmen milli çaga oýunlary hemmelerde uly gyzyklanma döretdi.
Türkmenistandan festiwala gatnaşýan bilim işgärleri bu milli çaga oýunlarynyň taryhy, oýnalyş düzgünleri we çagalaryň ösüşi üçin ähmiýeti, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil şahsyýetleri kemala getirmekde türkmen milli çaga oýunlarynyň tutýan orny barada gyzykly maglumatlar berdiler. Türkmen milli çaga oýunlary bilen utgaşyklylykda Döwletliler köşgüniň çagalary tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar festiwala gatnaşyjylar tarapyndan uly şowhun bilen garşy alyndy. Festiwalyň geçirilen günlerinde Türkmenistanyň ak öýüniň ýany köp adamly boldy.
Ýeri gelende bellesek, «Döwletliler köşgi» köşgi — bu Aşgabatda ýerleşýän, ene-atasynyň hemaýatyndan mahrum galan we döwlet howandarlygyndaky çagalar üçin niýetlenen edaradyr.