Turkmenportal logo
Şu gün 10:15
28332833
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Milanyň «Interi» Serie A çempionatynda möhletinden öň ýeňiji boldy

Milanyň «Inter» futbol topary 2025/2026 möwsüminde Italiýanyň Serie A çempionatynda möhletinden öň ýeňiji boldy.

3-nji maýda 35-nji tapgyryň çäginde «Juzeppe Meassa» stadionynda geçirilen duşuşykda «Inter» topary «Parmany» 2:0 hasabynda ýeňdi. Ýeňijileriň düzüminde pökgüleri Markus Týuram we Genrih Mhitarýan geçirdi.

Týuram oýnuň 45+1-nji minutynda Petr Zelinski tarapyndan berlen pasdan peýdalanyp, hasaby açdy. Ikinji ýarymda bolsa oýunçyny çalşyp, meýdana giren Mhitarýan meýdan eýeleriniň artykmaçlygyny berkidip, ikinji pökgini geçirdi.

35 tapgyrdan soň «Inter» 82 utuk toplady. Ikinji orny eýeleýän «Napoli» 70 utuk bilen 12 utuk yzda galýar we möwsümiň ahyryna çenli oňa bu tapawudy ýapmak asla mümkin däl.

Şeýlelikde, «Inter» öz taryhynda 21-nji gezek Italiýanyň çempiony boldy. Bu görkeziji boýunça topar diňe Ýuwentus toparyndan (36 gezek) yzda galýar. Mundan başga-da, bu soňky alty möwsümde «Interiň» gazanan üçünji çempionlygydyr.

Bu möwsümde toparyň baş tälimçisi Kristian Kiwu bolup, onuň üçin bu titul uly ýaşly topar derejesindäki ilkinji baýragy boldy.