Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýakynda açylan «Lu Ban ussahanasy» degişli ugurlar boýunça ýokary derejeli, kämil hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýe boljak okuw-önümçilik merkezine öwrülýär. Bu barada tngizt.gov.tm saýtynda aýdylýar.
Bellenilişi ýaly, ussahanada «Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi», «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda)» bakalawr taýýarlyk ugurlary boýunça nebitgaz hem-de beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin ýokary derejeli ýaş hünärmenler taýýarlanylar.
Şeýle hem professor-mugallymlaryň we Hytaýyň Türkmenistanda işleýän hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyryş okuwlary geçiler. Bu ýerde ýurduň we Hytaýyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary tomusky okuw-önümçilik tejribeliklerini geçerler. Bu işleri amala aşyrmak üçin «Lu Ban ussahanasynda» geologiýa ugry boýunça 2 sany tejribehana otagy, 4 sany maglumat tehnologiýalary otagy, şeýle hem serwer, kiçi mejlisler, mugallymlar otaglary göz öňünde tutuldy.
Häzirki döwürde 30-dan gowrak ýurtda, şol sanda Beýik Britaniýada, Portugaliýada, Pakistanda, Müsürde we Merkezi Aziýa ýurtlarynda hereket edýän «Lu Ban ussahanasy» ýurdumyzda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Sianyň nebit uniwersitetiniň, Hebeýiň nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) hem-de Hytaýyň Bilim ulgamynda halkara alyşmalar boýunça assosiasiýasynyň gatnaşmagynda gol çekilen resminama laýyklykda döredilip ulanmaga berildi.
Ozal Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasynyň» açylandygy barada habar beripdik.