Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen professional saz sungatynyň düýbüni tutujy, meşhur kompozitor Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi. Oňa ýurduň sungat ussatlary bilen bir hatarda, türki döwletleriň medeniýet işgärleri hem gatnaşdylar.
TDH-de habar berlişi ýaly, dabara Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Meniň Watanym» atly simfoniki poema bilen açyldy. Konsertde opera eserlerine hem giň orun berildi. Muhadowyň «Zöhre we Tahyr», «Kemine we kazy», «Ganly saka» operalaryndan ýerine ýetirilen parçalar türkmen halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalarynyň hem-de taryhynyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Doganlyk halklaryň sungat ussatlarynyň Muhadowyň lirik aýdymlaryny ýerine ýetirmegi goňşuçylyk gatnaşyklarynyň sazyň güýji arkaly has-da berkidilýändiginiň nyşany boldy.
Konsertiň dowamynda «Jan, Türkmenistan!» sazy tomaşaçylarda uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi.
Şeýle hem konsertiň dowamynda türki döwletleriň milli aýdym-saz we opera sungatlarynyň eserleri ýerine ýetirildi. Konserte gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Aşyklaryň şäheri» aýdymy çäräniň ajaýyp jemlemesine öwrülip, Aşgabadyň parahatçylygyň, söýginiň we dostlugyň halkara merkezi hökmündäki ähmiýetini ýene bir gezek dabaralandyrdy.