Turkmenportal logo
Düýn 22:27
92219221
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag şäheriniň muzeýinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň manyly ömrüne degişli gymmatlyklary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň metjidiniň çäklerinde gurluşygy batly depginler bilen alnyp barylýan muzeýiň daşky bezeg işleri bilen tanyşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmen halkynyň Milli Lideri muzeýiň daşky bezeg işlerinde ýerleşdirilen özboluşly şekilleri synlap, bu babatda özüniň pikirlerini paýlaşdy. Bu muzeý metjidiň beýleki binalarynyň üstüni ýetirjek özboluşly desga boljakdygyny belläp, onuň depginlerini has-da güýçlendirmegi hem-de beýleki desgalar bilen bir hatarda öz wagtynda tamamlanmalydygyny aýtdy.

Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki wagtda muzeý binasynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol bu ýerde il-halkynyň ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň manyly ömrüne we zähmet ýoluna degişli gymmatlyklary, şol sanda köp ýyllaryň dowamynda berlen birnäçe döwlet we halkara sylaglaryny, fotosuratlaryny, Milli Lideriň ýiti zehininden çykan eserlerini ýerleşdirmegiň meýilleşdirilýändigini belläp, bu barada öwüt-nesihatlaryny bermegini Gahryman Arkadagdan haýyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu mesele boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine ýüzlenilse maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.