Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow täze şähere iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda häkim G.Mämmedowa täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda 7 müň 368 maşgala niýetlenilen ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilendigi, ikinji tapgyrda bolsa 4 müň 284 maşgala niýetlenilen ýaşaýyş jaýlarynyň, şol bir wagtyň özünde beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşyklarynyň meýilleşdirilendigi barada giňişleýin maglumat berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýaşaýyş jaýlary häzirki zaman talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar. Olarda amatly ýaşamak, döwrebap göwnejaý dynç almak üçin zerur şertler üpjün edilýär. Şol bir wagtyň özünde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy we abadanlaşdyrylyşy şäher ilatynyň isleglerine doly gabat gelýär. Şeýle hem Arkadag şäheri açylan pursatyndan bäri sanlyja ýyllaryň içinde bu ýerde bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi täze jaýlara göçüp geldiler. Müňlerçe iş orunlary döredildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işlerini dowam etmek we täze şäheriň bilim ojaklarynyň işini döwrebap guramak, şeýle hem bilim alýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen birnäçe talyp haklaryny girizmek meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi hem-de bu babatda degerli maslahatlaryny berdi.