Turkmenportal logo
Şu gün 11:39
46864686
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen talyplary Sankt-Peterburgda geçirilen NCUMC-2026 bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler

26 — 28-nji aprel aralygynda Sankt-Peterburg şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda demirgazyk ýurtlarynyň 12-nji halkara matematika bäsleşigi (12th Northern Countries Universities Mathematical Competition NCUMC-2026) geçirildi.

Bu bäsleşikde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üstünlikli çykyş etdiler. Şunlukda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň talyby Yslam Haýytmuhammedow hem-de nebit we gaz fakultetiniň talyby Halmyrat Myratgeldiýew şahsy hasapda ikinji orny eýeläp, kümüş medallara mynasyp boldular.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 4-nji ýyl talyby Şöhrat Baýramow bolsa 3-nji orny eýeledi.

Milli barlag maglumat tehnologiýalary, mehanika we optika uniwersitetinde (ITMO) geçirilen bu abraýly bäsleşige Awstriýanyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Polşanyň, Sloweniýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar diýlip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.