Turkmenportal logo
Şu gün 10:48
38373837
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şu dynç günleri Aşgabatda boljak medeni çäreleriň syny

Şu dynç günleri Aşgabadyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna medeni çärelerden doly gyzykly maksatnama garaşýar.

Şunlukda, 2-nji maýda sagat 17:00-da Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda kompozitor Aýna Şirowa bilen döredijilik duşuşygy geçiriler. Giriş mugt.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanan sergi dowam edýär.

2-nji we 3-nji maýda sagat 18:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň opera sungatynyň ussatlarynyň gatnaşmagynda gala-konsertler bolar. Giriş mugt.

4-nji maýda sagat 11:00-da Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününiň hormatyna guraljak «Gahrymanlara şöhrat!» atly sergi guralýar.